peşeneli

peşeneli
Ýüz keşbi owadan, görmegeý; sypatly, syratly, gelşikli.
∙ Kolhozçylar onuň deşli göwresine we peşeneli saryýagyz ýüzüne seredişler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
∙ Şemalyň zor salmagyndan agzyna giräýjek bolup duran peşeneli gara murtuny çep eliniň ýeňsesi bilen sypalap goýberdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
∙ Artygyň daýysy daýawlaç, sakgalynynyň ýarpydan köpi agaran, bugdaýreňk peşeneli adamdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Başyna gara gülli ýaglygy ýelbegeý atan, saçlarynyň ikiýan çekgesinden ýaňyjyk ak görnen peşeneli aýal bu gün Aýsoltanyň gözüne örän mähirli göründi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Bolsa-da, peşeneli, bezemen ýigit eken, ýöne gyşyň bu günleri näme beýle çyplak çykdyka? (N. Pomma, sebäbini Soň Bildim)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужна курсовая?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»